Türkmenistanyň we RF-iň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda Aşgabatda geçirilen  gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ylym-bilim we sport gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň meselelerine garadylar.

Duşuşykda şeýle hem halkara gün tertibiniň meselelerine, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde giňeldilmeginiň aýratynlyklaryna seredilip geçildi, bu babatda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi.

Taraplar iki ýurduň Hazar meseleleri boýunça özara hereketlerini, hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde öz üstlerine alan kararlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem rus tarapynyň Türkmenistanyň şu ýylyň awgustynda birinji Hazar ykdysady forumyny «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek, şeýle hem Altynjy Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek baradaky başlangyçlaryny goldaýandygynyň nazarda tutulmagy bilen bu ugurlar boýunça geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplaryny bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler.

Iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda leksiýa bilen çykyş etdi, oňa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem gatnaşdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014