Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» bilen gepleşiklere kanagatlanma bildirdi, gepleşikler dowam edýär — Lawrow

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Şol gün Türkmenistanyň hem-de RF-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler boldy. Gepleşiklerden soň metbugat maslahaty geçirildi, onuň dowamynda S.Lawrow iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we özara gatnaşyk etmegiň, şol sanda nebitgaz ulgamynda gatnaşyk etmegiň geljegi barada aýtdy.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň ýolbaşçysy metbugat maslahatynyň barşynda Russiýanyň türkmen gazynyň almaklygynyň ýola goýmak meselesi boýunça «Gazprom» bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini belledi.

«Bu mesele hökümetara toparyň ygtyýaryna degişli. Belläp geçsem, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün biziň gatnaşyklarymyza baha bermek bilen «Gazprom» boýunça gepleşiklere kanagatlanma bildirdi, olar dowam edýär» diýip Lawrow «Interfaksyň» sowalyna jogap berdi.

Meňzeş täzelikler

2014