Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Lawrow türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi barada maslahatlaşdy

Russiýa Federasiýasy bilen köptaraply gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sergeý Lawrow hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda güýje giren şertnama bellenilen ähli meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin esas, olaryň binýady bolmaga gönükdirilendir. Şol şertnama dürli ugurlarda — syýasy ulgamda, däp bolan söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary depginli ösdürmekde netijeli özara hereket etmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topara iki döwletiň köptaraply mümkinçiligini amala aşyrmakda ähmiýetli orun berilýär. Bu toparyň nobatdaky mejlisini 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň meselelerini hem duşuşygyň gün tertibine girizmek meýilleşdirilýär. Bu ulgam uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä derejesindäki bu iki döwlet üçin strategiki ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklarynda gaz meselesine täze, geljege gönükdirilen iri möçberli ylalaşyklaryň nazara alnyp garalýandygyna kanagatlanma bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň örän möhüm orna eýe bolmagyndaky Merkezi Aziýanyň elektroenergetika ulgamyny hem-de 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady birleşiginde kemala getiriljek umumy elektroenergetika bazaryny baglanyşdyrmak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň ýolbaşçysy, ilkinji nobatda, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli halkara syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, GDA-nyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä ünsi çekip, 2018-nji ýylda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekilmegi şol maslahatyň möhüm netijesi boldy. Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň özara gatnaşygynyň taryhynda täze sahypanyň açylandygyny aňlatdy.

2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistan taryhda ilkinji gezek Hazar ykdysady forumyny geçirer hem-de Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň nobatdaky, altynjy sammiti şu ýerde, Türkmenistanda geçiriler. Umuman, biziň hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga oňat esaslarymyz bar diýip, Sergeý Lawrow aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol çäreleriň hatarynda daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Ykdysady geňeşiň mejlisleri, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy hem-de beýlekiler bar.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolup, Arkalaşygyň döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyga hemişe ygrarlydyr. Arkalaşygyň döwletleriniň halklary bilen türkmen halkyny öňden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak gatnaşyklary taryhy taýdan baglanyşdyrýar.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014