Türkmenistanda rus işewürliginiň hereket etmegi üçin oňat şertler döredilendir — Lawrow

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýurtda rus işewürliginiň hereket etmegi üçin döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi, diýip TASS habar berýär.

«Biz bu ýerde rus işewürliginiň hereket etmegi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýändikleri üçin türkmen dostlarymyza minnetdardyrys» diýip S.Lawrow Aşgabatda türkmen kärdeşi R.Meredow bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça belledi.

«Kamaz», «Tatneft» ýaly kärhanalar eýýäm Türkmenistanda üstünlikli hereket edýär we oňat abraý gazandylar».

S.Lawrowyň şeýle hem belleýşi ýaly, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Biziň umumy garaýyşlarymyz bar, biz tagallalarymyzy bilelikdäki maýa goýum strategik taslamalaryny işläp düzmeklige gönükdirmeli» diýip Lawrow belledi.

Mundan başga-da, russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygynda taraplaryň gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine hem seredilendigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky gepleşikler «uzakmöhletleýin iri ylalaşyklary gözlemeklige gönükdirilip amala aşyrylýar».

 

Meňzeş täzelikler

2014