Şanhaýyň biržasynda gazyň söwdasy 2018-nji ýylda rekord derejä ýetdi

Şanhaýyň nebitgaz biržasynda (SHPGX) tebigy gazyň söwdasy 2018-nji ýylda rekord derejä ýetdi. Bu ösüş Hytaýyň arassa energiýa bolan ägirt uly islegi bilen şertlenendir. Biržada 60,46 mlrd kub metr möçberdäki tebigy gazy almak-satmak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu görkeziji ilkinji gezek 60 mlrd kub metr derejeden geçdi.

Şol sanda turba geçiriji gaz bilen geleşikleriň möçberi 55,54 mlrd kub metre, suwuklandyrylan tebigy gaz bilen – 3,33 mln tonna barabar boldy, diýip Interfaks habar berýär.

Soňky ýyllarda HHR-de ýurduň ekologiýa meseleleri babatda howatyrlanmasy we onuň arassa energiýa serişdeleriniň haýryna kömrüň elektrik energiýasyna generasiýasyndan el çekmegi bilen baglylykda gaza bolan isleg artýar. 2017-nji ýylda Hytaý Günorta Koreýadan öňe geçdi we suwuklandyrylan gazy import etmek boýunça Ýaponiýadan soň ikinji ýeri eýeledi.

Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda Hytaý gazyň importyny 31,9 göterim — 90,39 mln tonna çenli artdyrdy.

SHPGX barlag režiminde işländen soňra 2016-njy ýylyň noýabrynda resmi ýagdaýda açyldy. Dekabryň ahyryna çenli ýagdaýa görä, onda 2 müňden gowrak gatnaşyjy bar. Bu görkeziji 2017-nji ýylyň ahyry bilen deňeşdirilende 40 göterim köpdür.

Belläp geçsek, Hytaýa tebigy gazy eksport ediji esasy döwlet hökmünde Türkmenistan durýar, suwuklandyrylan gaz bolsa has köp Awstraliýadan, ASEAN ýurtlaryndan we Katardan satyn alyndy.

 

Meňzeş täzelikler

2014