Ýewrokomissiýa «Brent» söwda belgili nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny pese düşürdi

Ýewrokomissiýa täze ykdysady çaklamasynda «Brent» söwda belgili nebitiň 2019-njy ýyl üçin ortaça bahasynyň barrel üçin 61 dollar bolmagyndan ugur aldy. Güýzde çaklama has ýokary, ýagny — barrel üçin 80,6 dollara deňdi. Bu barada komissiýanyň gyşky çaklamasynda habar berilýär.

«Çaklamanyň esasynda durýan käbir tehniki elementler» atly bölümde habar berlişi ýaly, çaklama bazaryň şol wagtky garaşýan ýagdaýlaryny şöhlelendirýän birnäçe daşarky bahalandyrmalara esaslanýar. Fýuçers bazarlaryna laýyklykda, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda «Brent» nebitiniň bahalary ortaça barreli üçin 61,2 dollarda bahalandyrylýar.

«Bu görkeziji 2019-njy ýyl üçin güýzki çaklamadan 24 göterim we 2020-nji ýyl üçin öňki çaklamadan 20 göterim aşakdyr» diýip Ria Nowosti habar berýär.

Güýzki çaklama görä, 2019-njy ýylda barrel üçin 80,64 dollar we 2020-nji ýylda 79,68 dollar derejesindäki bahalara garaşylýardy.

 

Meňzeş täzelikler

2014