Nebit arzanlaýar: «Brent» - $61,2, «WTI» - $52,21

ABŞ bilen Hytaýyň söwda gatnaşyklarynyň ýitilişmeginden howatyrlanmanyň netijesinde 8-nji fewralda nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklaýar.

Moskwa wagty bilen 7:42-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,7 göterim aşaklap, 61,2 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,82 göterim arzanlap, 52,21 amerikan dollaryna barabar boldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň HHR-iň ýolbaşçysy Si Szinpin bilen duşuşygynyň heniz bellenilmändigi bazaryň üns merkezinde boldy. Bu duşuşykda söwda ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýärdi. Şol bir wagtda ýakynda hytaý HBS-leri bu hili duşuşygyň fewral aýynyň ahyrynda Wýetnamda geçirilmeginiň mümkindigini belleýärdiler.

Şeýlelikde, iki ýurduň söwda krizisiniň geljegi dogrusynda howatyrlanmalar we olaryň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine täsiri artdyr. Bu ösüş eýýäm haýallar, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Ykdysady ösüşiň haýallamagy däp bolşy ýaly dünýä boýunça nebite bolan islege täsir edýär. «Nebitiň bahalary hepdelik minimumyna düşdi, çünki ykdysady ösüşiň haýallamak mümkinçiligi nebit ätiýaçlyklarynyň artmagyna dolanmagy aňladyp biler» diýip Oandanyň analitigi Edward Moýa Reýter agentligine habar berdi.

Meňzeş täzelikler

2014