Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli ykdysadyýete daşary ýurt maýadarlarynyň hem, öz telekeçilerimiziň hem maýa goýumlaryny çekmegiň kanunlaryny kämilleşdirmegiň zerurdygy hakynda belledi. Duşuşykda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy.

Maksatnamada göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, döwlet emlägini hususylaşdyrmaga we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek Mejlisiň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesidir diýip, döwlet Baştutany belledi.

Maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek şu Maksatnamany doly möçberde ýerine ýetirmegiň zerur şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, daşary ýurt maýadarlarynyň hem, öz telekeçilerimiziň hem maýa goýumlaryny çekmegiň amatly maýa goýum, hukuk, maliýe we beýleki şertlerini döretmek boýunça kanunlary, ilkinji nobatda, kämilleşdirmek, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürjek döwrebap kärhanalary döretmegi höweslendirmek zerurdyr.

Döwlet Baştutany şeýle hem hususy telekeçiligi ösdürmegiň Maksatnamasynyň uly ähmiýetini belläp, häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň ösüşine görä, döwlet bilen hususy pudagyň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini nygtady. Bu meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljerip hem-de kämilleşdirip durmaly. Men döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky kanuny işläp taýýarlamaga hem wagt boldy diýip pikir edýärin diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014