«Türkmengaz» DK-nyň ekspozisiýasy dünýä jemgyýetçiligini energetika syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýar

10-njy fewralda Hindistanyň paýtagtynda «PetroTech-2019» Halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işine başlady. Sergini Hindistanyň hökümetiniň Nebit we tebigy gaz ministrliginiň resmi taýdan goldamagy esasynda Hindistanyň nebit we tebigy gaz çykarmakda öňdebaryjy kompaniýasy bolan «ONGC», Hindi nebit senagaty Federasiýasy (FIPI) gurnady. Foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Nýu-Deli şäherine türkmen wekiliýeti geldi.

«PetroTech-2019» — nebitgaz we nebithimiýa senagaty ulgamynda iri möçberli çäre bolup, ol iki ýyldan bir gezek geçirilýär we Günorta Gündogar Aziýa sebitinde nebitgaz işewürligini ösdürmäge gönükdirilendir. «India Expo Centre & Mart» sergi merkezinde geçirilýän bu gezekki forumyň işine 7 müňden gowrak wekil gatnaşýar. Olar dünýäniň 60 döwletinden, şol sanda Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Singapurdan, Ýaponiýadan, BAE-den we ş.m.-den 800-den gowrak kompaniýa wekillik edýärler.

Tebigy serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýelik edýän Türkmenistan üçin «PetroTech» ýaly möhüm foruma gatnaşmak bu günki gün aýratyn ähmiýetlidir. Biziň ýurdumyz dünýäniň energetika giňişligine işjeň goşulyşýar, türkmen energiýa geçirijileriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýän köpugurly gaz ulag ulgamyny yzygiderli emele getirýär we tebigy gaza islegiň ýokary bolan hindi bazaryna uly gyzyklanma bildirýär.

«Türkmengaz» DK tarapyndan taýýarlanylan ekspozisiýa bu ýerde dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrýar, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýeten derejelerini we ösüş mümkinçiliklerini, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryny şöhlelendirýär.

Belläp geçmeli zatlaryň biri, biziň ýurdumyzyň ekspozisiýasy serginiň açylan ilkinji minutlaryndan bäri «PetroTech-2019» sergisine gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanmadan peýdalanýar. Ykdysady nukdaýnazardan goňşy hem-de sebitiň beýleki döwletleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy dürli ýurtlardan gelen myhmanlaryň we wekilleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Şu günki serginiň geçirilýän ýeri bolan hut Hindistanyň serhedinde bu möhüm ähmiýetli desganyň gurluşygy tamamlanar. Ol durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder.

«Innowasiýalar we hyzmatdaşlyk arkaly täze energetika dünýäsini emele getirmek» şygary astynda geçirilýän foruma gatnaşyjylarda ýurdumyzda ýakynda işe girizilen Gyýanlydaky Polimer zawodynyň önümleri hem uly gyzyklanma döretdi. Bahasy 3 mlrd 400 mln amerikan dollaryna barabar bolan bu iri maýa goýum taslamasy «Türkmengaz» DK tarapyndan koreýleriň «LG International Corporation», «Hyundai Engineering Co., Ltd»  we ýaponlaryň «TOYO Engineering Corporation» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Täze gazhimiýa toplumynyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Bu senagat desgasy her ýylda 386 müň tonna ýokary hilli polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürer.

Forumda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumy soňky ýyllarda energiýa serişdelerini çykarmakda, gaýtadan işlemekde, sarp edijilere durnukly we ygtybarly ibermekde uly işler bitirdi. Şeýle hem «Galkynyş» ägirt uly gaz känini özleşdirmek, Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda gurulýan tebigy gazdan benzin almak boýunça zawodyň taslamalary hem bellenilip geçildi.

«Türkmengaz» DK tarapyndan durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze taslamalar hem gyzyklanma döretdi. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde kauçuk we polistrirol öndürmek boýunça gazhimiýa toplumy, Balkan welaýatynda Gyýanlyda Metildietanolamin önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy we polimer önümçiligi boýunça gaz himiýa toplumy, Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy bar.

Eýýäm şu günden «PetroTech-2019» sergisiniň nebitgaz ulgamynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigini ynam bilen aýtmak bolar.

«PetroTech-2019» Halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işini 12-nji fewralda tamamlar.

Meňzeş täzelikler

2014