Türkmenistanyň Prezidenti: ýangyç-energetika toplumyna täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nebitgaz pudagynyň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar

Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir. Bu wezipäniň möhümligi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde belledi.

Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly ulanylýan känleriň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 103,2 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň ösüş depgini 113,3 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 113,5 göterim ýerine ýetirildi.

Prezident hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine ünsi çekdi. Bu işler dünýäde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Meňzeş täzelikler

2014