Nýu-Delidäki «PetroTech-2019» maslahatynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi hakynda aýdyldy

Ýakyn wagtda Owganystan hyzmatdaşlary bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm ylalaşyga gol çeker, diýip bu ýurduň dag magdan we nebit senagaty ministri Nargis Nehan şu günler Nýu-Deli şäherinde geçirilýän «PetroTech-2019» maslahatynyň ministrler böleginde belledi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Ministriň aýtmagyna görä, bu gün Owganystan gaz magistralyny gurmak üçin topragyň barlagyny geçirýär. Taslamany durmuşa geçirmek üçin şeýle hem hereketleriň ýörite meýilnamasyna gol çekiler.

Nehanyň belleýşi ýaly, bahasy 9,9 mlrd amerikan dollaryna deň bolan TOPH taslamasy Owganystanyň artýan ilatynyň energiýa serişdelerine hemişelik we ygtybarly mümkinçiligini üpjün etmek üçin örän möhümdir.

Hindistan energetika adalatlylygynyň öz ýurdunyň içinde emele gelmegi üçin amala aşyrylan hususy tagallalary ýaly ählumumy derejede hem munuň öňe sürülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär, diýip Hindistanyň nebit we tebigy gaz ministri Dharmendra Pradhan «PetroTech-2019» forumynda eden çykyşynda belledi.

Hindistanyň garaýyşlary tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna baý bolan Türkmenistanyň amala aşyrýan energetika syýasatyny bilen laýyk gelýär. Türkmenistan ählumumy energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen öz serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga ýykgyn edýär.

Hindistan TOPH gaz geçirijisi boýunça iberiljek türkmen gazynyň esasy sarp edijisi bolar. Şonuň üçin hem bu gaz magistralynyň taslamasyny dünýäde energetika adalatlylygyny öňe sürmekde bu ýurduň alyp barýan işleriniň hatarynda agzamak bolar.

 

Meňzeş täzelikler

2014