Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan dürli derejelerdäki saparlaryň ähmiýetlidigini we netijeliligini belläp geçmek bilen, ýola goýulan hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly soraglar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşykda gaz we himiýa ulgamlarynda, tehnikalary getirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky («JBIC») bilen gatnaşyk etmek arkaly gaz ulgamynda we himiýa senagatynda bilelikdäki maýa goýumlaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda gazhimiýa senagatynda, elektroenergetikada we ulagda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Şol saparyň dowamynda täze taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan, şol sanda ammiak we karbamid öndürýän zawodlary, tebigy gazy gaýtadan işlemek we benzin önümçiligi boýunça zawodlary, fosfor dökünlerini öndürýän sehi gurmaklyga, şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky («JBIC») bilen gatnaşyk etmeklige, «Komatsu» we kompaniýasynyň ýergazyjy tehnikalaryny we «Toyota» kompaniýasynyň awtomobillerini Türkmenistana getirmeklige gönükdirilen 8 sany resminama gol çekildi.

Öň Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi. Şolaryň hatarynda — Maryda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodyň, TNGIZT-de polietilen önümçiligi boýunça iri senagat toplumlarynyň, Garabogazda karbamid dökünleri zawodynyň, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň gurluşygy bar.

2019-njy ýylyň ýanwarynda Ahal welaýatynda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça bahasy 1,7 milliard amerikan dollaryna deň bolan zawodda barlag işleri başlandy. «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasy onuň gurluşygyna gatnaşýar.

Meňzeş täzelikler

2014