Aşgabatda ýokary derejede türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen  Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Gepleşikler ikiçäk derejede tamamlanandan soňra, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  Prezident Mohammad Aşraf Ganini mähirli mübärekläp, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň ilkibaşdan özara ynanyşmak, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ynsanperwer-medeni ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri geçen 27 ýylda bu gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn, halkara guramalarynyň çäklerinde ösdi. Bu guramalaryň çäklerinde Owganystan türkmen başlangyçlaryny goldap çykyş edýär – diýip türkmen Lideri belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň artýandygyny belledi. Şol bir wagtda hem ynsanperwer ulgamda — bilim, ylym, şeýle hem sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk artýar.

Öz gezeginde Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň belleýşi ýaly, owgan halky türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýär we goldaýar. Bu syýasat bolsa oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar hem-de sebitde we dünýäde  howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Aşraf Gani Owganystany durmuş-ykdysady taýdan, şol sanda dürli ugurlarda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna dikeltmekde berýän ýardamy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berdiler. Şunda sebitiň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolan bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge üns berildi. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ynsanperwer-medeni ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Sebit we ählumumy meseleleriň giň tolumy boýunça syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek meýillerini mälim edip, taraplar şu günüň tertibinde duran esasy meseläniň — sebitde berk we uzak möhletli parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny bellediler.

Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak meselelerini çözmeklige, onuň ykdysadyýetini dikeltmeklige, owgan halkynyň öz döwletiniň ykbalyna gatnaşmagy üçin şertleri döretmeklige mundan beýläk hem işjeň we netijeli gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, haryt dolanyşygynyň möçberini düýpli artdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014