Bütindünýä banky energetika, ulag we beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Bütindünýä banky Türkmenistan tarapyndan energetika, ulag, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatynda ähli tekliplere seredip geçmäge taýýar. Bu barada Bütindünýä bankynyň wekilleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda bellediler. Wekiliýetiň hatarynda Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk we Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy jenap Ýan Peter Olters bar.

Söhbetdeşligiň başynda, wekiliýetiň agzalary Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny belläp geçdiler. Taraplar häzirki alnyp barylýan hyzmatdaşlygy, aýratyn hem Bütindünýä bankynyň Türkmenistanyň şu ýylda hem başlyklyk edýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýardam bermegi boýunça alyp barýan işlerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bankyň wekilleri sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň ösüşine gyzyklanmasyny bildirip, Türkmenistan tarapyndan goňşy Owganystana ýardam bermek boýunça alnyp barylýan taslamalara uly baha berdiler.

Şeýle hem, hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütindünýä bankynyň wekilleri sanly ykdysadyýet, logistika, energetika, suw gorlary we gidrometeorologiýa ulgamyndaky taslamalaryň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdiler.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda tehniki ýardam bermek taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Bütindünýä bankynyň wekilhanasynyň üstünlikli işleýändigi aýratyn bellärliklidir.

Bu günki duşuşykda, Bütindünýä banky şeýle hem Türkmenistanyň bank ulgamynyň kämilleşdirilmegi we döwletde halkara maliýe standartlaryna ýetmek işinde öz ussatlyk ukyplaryny teklip etdi.

Meňzeş täzelikler

2014