«Günorta gaz geçelgesini» iki ugur boýunça giňeldip bolar — BP Azerbaýjan

«Günorta gaz geçelgesini» iki ugur boýunça giňeldip bolar, diýip «BP Azerbaijan-yň» wise-prezidenti Bahtiýar Aslanbeýli Trende habar berdi.

Onuň sözlerine görä, «birinji ugur – bu Azerbaýjanyň gaz serişdeleri, galyberse-de, diňe bir «Şah Deňiz» däl, eýsem, «SOCAR» tarapyndan dolandyrylýan «Şafag-Asiman», «Umid-Babek» ýaly beýleki känler hem degişlidir».

«Ikinji ugur – üçünji döwletleriň gaz serişdeleri. Bu mesele şol döwletleriň islegine we gyzyklanmasyna baglydyr» - diýip BP-niň wise-prezidenti belledi.

Aslanbeýliniň belleýşi ýaly, bu gaz geçirijini giňeltmek üçin tehniki mümkinçilikler bar. Onuň şeýle hem belleýşi ýaly, «GGG-niň» ilkibaşdan hem onuň kuwwatlylygyny iki esse artdyrmak mümkin bolan derejede guruldy.

2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Bakuda «Günorta gaz geçelgesi» boýunça Konsultatiw geňeşiň çäklerinde ministrleriň bäşinji maslahaty geçirildi. Oňa «GGG» taslamasyny durmuşa geçirmäge çekilen döwletleriň, beýleki döwletleriň, taslamanyň paýdarlarynyň we halkara maliýa institutlarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça ÝB we Azerbaýjan Türkmenistany «GGG-e» goşulmaga çagyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014