Russiýanyň ODK-sy «Türkmengaz» üçin täze gazturbina hereketlendirijilerini satyn alar

Birleşen hereketlendirijigurujy korporasiýasy (Rosteh Döwlet korporasiýasyna girýän) «Türkmengaz» döwlet konsernine senagat maksatly НК-12СТ we НК-14СТ gazturbina hereketlendirijilerini satyn almak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada ODK-nyň saýtynda habar berilýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça holding «Türkmengaz» DK-nyň kompressor stansiýalarynda ulanmak üçin Samaranyň «Kuznesow» PAO-da (ODK girýän) işlenip taýýarlanylan we öndürilen ГТД НК-12СТ we НК-14СТ satyn alar.

НК-14СТ hereketlendirijisi bazalaýyn hereketlendiriji (НК-12СТ) bilen deňeşdirilende has uly kuwwatlylyga we ýokary PTK eýedir, üýtgedilen akym bölegi we turbina gurluşlary bar. Hereketlendiriji ähli howa şertlerinde  işleýär, onuň resursy 100 000 sagada barabardyr.

ODK şeýle hem Türkmenistanyň kompressor stansiýalary üçin gaz turbinaly hereketlendirijilerini we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak, şeýle hem ulanyşdaky senagat hereketlendirijileriniň düýpli abatlaýşy boýunça beýleki birnäçe bäsleşiklere gatnaşýar.

ODK bilen «Türkmengaz» DK-nyň desgalaryny gazturbina enjamlary bilen üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygy 2011-nji ýylda ГТД НК-12СТ satyn almak boýunça şertnama baglaşylan döwründen bäri dowam edýär. 2012-2013-nji ýyllarda rybinsk «ОДК-Газовые турбины» PJ bilen «Türkmengaz» DK-nyň arasynda ГТЭС-2,5 awtonom elektrostansiýalaryny satyn almak boýunça şertnama baglaşyldy. Bu günki gün olar Türkmenistanda üstünlikli ulanylýar.

ODK Aşgabatda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT) sergisine gatnaşýar we gaz turbina enjamlary we gazy ibermek hem-de energogenerasiýasy üçin agregatlar ulgamynda öz işläp taýýarlamalaryny görkezýär.

Meňzeş täzelikler

2014