Türkmenistanda ýerli çig maldan bitum mastikasyny almagyň usuly işlenip taýýarlanyldy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan ýol bitumy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan bitum emulsion mastikasyny almagyň usulynda düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluşyk materialy gurulýan binalaryň we desgalaryň örtgüsiniň gidroizolýasiýasy üçin ulanylýar, olaryň ýokarsyny has çalt we ýokary hilli germetizasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýär hem-de gymmat bahaly ruberoide hem izogama alternatiwa bolup hyzmat eder.

Gidroizolýasiýa serişdesiniň düzümi ýol bitumyndan, ýag kombinatlarynyň galyndylaryndan alynýan gossipol şepbiginden, şeýle hem ýanan hekden, çägeden we toýundan ybaratdyr.

Bitum emulsion mastikasyny taýýarlamagyň tehnologiýasy şepbigi, bitumy, şihtaly suwy çäge ýada işlenilen katalizator bilen garyşdyryp, belli bir gyzgynlykda garylmagyny göz öňünde tutýar.

Meňzeş täzelikler

2014