Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara Prezidentiň adyndan döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarda we eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu sowgatlara gelin-gyzlaryň hemmesi, şol sanda talyp, okuwçy gyzlar, çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlar mynasyp boldular.

Aşgabatda köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, şu ýyl 200-den gowrak zenan bu ada mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň №10 hojalyk bölüminiň hojalyk brigadasynyň işgäri Gülşat Meretgeldiýewa Nurberdiýewanyň bardygy aýratyn bellärliklidir.

«Ene mähri» - ýokary tapawutlyk nyşanydyr, enäniň jemgyýetiň we döwletiň öňünde hyzmatynyň, türkmen zenanlarynyň ýurduň gülläp ösmegine goşandynyň nyşanydyr. Ol 8 we ondan hem köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere gowşurylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014