Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterim boldy

2019-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini şöhlelendirýär. Geçen iki aýda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu barada milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen hökümet mejlisinde bellenildi.

Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Ähli pudaklarda diýen ýaly, ýokary öndürijilik görkezijileri gazanyldy. Degişli döwürde oba hojalygy 3,1 göterim, söwda ulgamy 10,7, ulag we aragatnaşyk pudagy 10, hyzmatlar ulgamy hem 8,2 göterim ösdi.

Geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, eksportyň möçberi 20 göterim artdy.

Häzirki döwürde ýurtda bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň köpçülikleýin gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr.

Meňzeş täzelikler

2014