Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jinsi mata, hojalyk we mebel pamygy, nah ýüplük, pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: RF, BAE, Türkiýe, Estoniýa. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 6 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şotlandiýadan gelen işewürler jemi bahasy 13 million 497 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 425 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümini satyn aldylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014