Yslamabatda türkmen-pakistan gepleşiklerinde TOPH gaz geçirijisi we beýleki taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylar

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 11 — 13-nji mart aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrar. Iş saparynyň barşynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.

Mejlisde habar berlişi ýaly, Yslamabatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmek, degişli Ýolbaşçy komitetiň 27-nji martda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem elektrik energetikasy we telekommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meselelere garalar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň, Türkmenistanyň we Pakistanyň ulag kuwwatyndan peýdalanmak bilen, Hazar deňzi arkaly Ýewropa çykmak mümkinçiliklerini ulanmakda täze ulag geçelgesini döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Pakistan tarapynyň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgelerine goşulmaga isleg bildirýändigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitlere hem-de tutuş sebit möçberinde abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Döredilen ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem-de ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar täze taryhy tapgyrda döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Taraplaryň özara hoşmeýilli erk-islegi hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan meýli bilelikdäki giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýratyn belledi.

Meňzeş täzelikler

2014