Astanada hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisi geçirilýär

2019-njy ýylyň 10-13-nji martynda Astanada geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Duşuşygyň gün tertibine — söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, şertnama-hukuk binýadynyň ösüşi, gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk, peýdaly gazylyp alynýan serhetara känleri işläp taýýarlamak, oba hojalygy, ulag, daşky gurşaw we balyk hojalygy meseleleri girizildi.

Türkmenistan we Gazagystan Merkezi Aziýa gazyny Hytaýa ibermek boýunça iri taslama gatnaşýarlar. CNPC kompaniýasy Özbegistanyň we Gazagystanyň territoriýalarynyň üsti bilen 2009-njy ýyldan bäri türkmen ýangyjyny satyn alýar. Mundan başga-da, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýol magistralynyň gurluşygy tamamlandy. Deslapky hasaplamalara görä, ýükleri daşamagyň ýyllyk möçberi 10-12 mln tonna deň bolar.

Bu söwda ýoly bilen harytlar Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Hindi ummanyna bökdençsiz iberilip bilner, Ýewropa çykarylar.

2016-njy ýylda Gazagystan Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar (Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman) ulag geçelgesiniň taslamasyna goşuldy. Geljekde täze geçelge Merkezi Aziýa ýurtlaryna Pars aýlagynyň we Oman aýlagynyň portlary bilen amatly ýol arkaly baglanyşmaga ýardam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014