ABŞ-nyň slanesli nebit öndürijileri OPEC+ ýurtlaryny nebit çykarylyşyny çäklendirmegi dowam etmäge çagyrýar – OPEC-iň Baş sekretary

ABŞ-nyň slanesli nebit öndürijileri OPEC+ ýurtlarynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky çözgüdinden bähbit tapdylar, olar nebit bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça tagallalary dowam etmäge çagyrýarlar, diýip OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo IHS Market tarapyndan gurnalan Ceraweek maslahatynyň çäklerinde žurnalistlere habar berdi.

Öň M.Barkindo bu pudagyň wekilleri bilen duşuşyk geçiripdi.

«Nebit bazarynda durnuklylyk diňe bir OPEC we OPEC däl döwletler üçin däl, eýsem, ol slanesli nebit bazaryna gatnaşyjylar üçin hem wajypdyr. Olaryň özleri hem bu OPEC+ çözgüdinden haýyr tapandyklaryny aýtdylar» diýip ol belledi.

Şonuň üçin hem, Barkindonyň belleýşi ýaly, slanesli nebit öndürijileri OPEC+ ýurtlaryny bazary durnuklaşdyrmak boýunça tagallalaryny dowam etmäge çagyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014