Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Astanada Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirilen toparyň 9-njy mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Toparyň işi söwda-ykdysady, energetika we ulag ugurlarynda, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýiş senagatlarynda ähli göwrümleýin hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge güýçli itergi berjekdigine ynamyny beýan etdiler. Hususan hem, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, eksport we üstaşyr işlerini köpeltmek we üpjün edilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny we göwrümini artdyrmak boýunça ylalaşylan çäreleriň görülmeginiň zerurlygy bellenildi.

Taraplar medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynda hem-de ylym, medeniýet we bilim ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meýillerini beýan etdiler.

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014