Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny işjeňleşdirmeli – Gyrgyzystanyň Prezidenti

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň bellemegine görä, Türkmenistandan Hytaýa barýan gaz geçirijiniň goşmaça ugrunyň gurluşygyny işjeňleşdirmeli. SPUTNIK Täjigistan agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada Gyrgyzystanyň Baştutany ýurduň daşyndaky edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçirne duşuşygynda belledi.

Garaşylmagyna görä, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy (D) Türkmenistan-Özbegistan – Täjigistan – Hytaý ugry boýunça çekiler. Häzirki wagtda bu gaz geçirijisiniň hereket edýän üç şahasy — A, B we Ç Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan ugry boýunça geçirilýär.

Türkmenistandan Hytaýa çenli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň Gyrgyzystan üçin bähbitliligi türkmen tebigy gazynyň ýurda göni iberilmeginden başga-da, döwlet gaznasyna üstaşyr we salgyt hasaplamalaryny geçirýändigini, ilaty bolsa täze iş orunlary bilen üpjün edýänligindedir

Türkmenistan – Hytaý magistralynyň 4-nji şahasynyň işe girizilmegi bilen türkmen tebigy gazynyň iberme möçberi 65 mlrd kub metre çykar.

14-nji martda «Ala – Arça» döwlet kabulhanasynda daşary ýurtlardaky edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda Žeenbekowyň bellemegine görä, Gyrgyzystan Merkezi Aziýa sebitiniň ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny berkitdi. Gyrgyz Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen özara ynançly gatnaşyklar bar.

«Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek we haryt dolanyşygynda Gyrgyzystanyň paýyny artdyrmak möhümdir» diýip Sooronbaý Žeenbekow belledi.

Onuň şeýle hem nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika we maliýe ulgamlarda Türkmenistanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak Gyrgyzystan üçin möhüm ähmiýete eýedir.

 

Meňzeş täzelikler

2014