Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk — hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň üns merkezinde

14-15-nji martda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň»  taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.

Bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň birinji gününiň dowamynda Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmak we oňa teklipleri girizmek boýunça işler alnyp baryldy.

Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri ylmy esasda amala aşyrmak, tebigy we  antropogen hadysalara, monitoring we çaklamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek we giňeltmek maksady bilen düzülýän bu taslamanyň Türkmenistanyň hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmekde  aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014