Bahreýniň Patyşasy Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

Ýekşenbe güni agşam Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we şu gün ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçiriler. Taraplar şu gezekki ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde özara hormat goýmak we hoşniýetli erk-isleg ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri hem-de sebit we halkara syýasatynyň ugurlary boýunça pikir alyşmalary geçirmegi meýilleşdirýärler.

Garaşylyşy ýaly, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda söwda-ykdysady we maliýe-maýa goýum ulgamlarynda hem-de ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylar. Nebiti gaýtadan işlemek, gazhimiýa, elektroenergetika, himiýa we dokma senagaty, deňiz ulagy, syýahatçylyk, sport hem-de beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014