Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ýokary tehnologiki zawodlarynyň işi bilen tanyşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Toçigi prefekturasynda ýerleşen «Nissan Motor Toсhigi plant» zawodyna bardy, bu ýerde senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Bu ýerde wekiliýetiň agzalaryna ýokary hilli awtoulaglary, şol sanda awtoulaglaryň sport görnüşleriniň önümçiliginiň dürli ugurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi.

Soňra türkmen wekiliýeti galyndylary gaýtadan işleýän «Tokyo Super Eco Town» zawodyna bardy, bu ýerde senagat hem-de hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we olaryň gaýtadan peýdaly ulanmagyň aýratynlyklary öwrenildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary hanym Abe Toşikonyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Abe Toşiko Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemişe özara bähbitli bolup durýandygyny, Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň we «açyk gapylar» syýasatynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini belläp geçdi. Şeýle hem duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda özara bähbitli hem-de netijeli gatnaşyklary giňeltmek mazmunynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Meňzeş täzelikler

2014