Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI Group» kompaniýasynyň ýolbaşçysy welosport we ýangyç-energetika toplumlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Bu kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýär.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň alyp barýan işleri barada gysgaça habar berdi.

Ýokary netijeli sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda aýratyn nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda kemala gelýän, ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülere kybap gelýän döwrebap köpugurly sport düzümi welosipedçi türgenleri taýýarlamak üçin Türkmenistanda ýörite Olimpiýa mekdebini açmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär, bu ýerde halkara derejeli welosipedçi türgenler taýýarlanylar.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýokary netijeli sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmekde, şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde döwlet Baştutanynyň bitiren ägirt uly işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde milli Liderimizden sport welosipediniň iň täze görnüşini sowgat hökmünde kabul etmegini haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda I.Makarow ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary giňeltmäge holdingiň uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ýurdumyzda kompaniýanyň amala aşyrýan işleri hakynda hasabat berdi.

Hazar deňziniň türkmen böleginde halkara bilermenleriň ýokary baha berýän ägirt uly uglewodorod serişdelerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtly belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk iri halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň kepili bolup durýar. Şol taslamalar sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegi hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklaryň ägirt uly gorlaryny özleşdirmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ýollaryny artdyrmaga uly üns berýän dünýäniň energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da berkitmegi ugur edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň Hazar deňzinde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, şu gün gol çekiljek «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bu ugurda bilelikde üstünlikli işlemek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Gorlary boýunça baý bolan bu ýatagy işläp taýýarlamagyň geljegi uly bolup durýar. Uzynadada ýerleşen guýy Merkezi Aziýa sebitinde iň çuň guýy hasaplanýar. Bu ýerde degişli işleriň geçirilmegi ýakyn geljekde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berer diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow işewüre birnäçe anyk maslahatlary berdi.

Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky 21-nji toplumda meýilleşdirilýän işler barada habar berildi. Bu taslama bolan gyzyklanma onuň ägirt uly serişdeler kuwwaty hem-de Türkmenistanda daşary ýurt işewürleri üçin döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendir diýip, I.Makarow belledi.

Milletiň Lideri 21-nji toplumda geçiriljek işleriň ähmiýetini belläp, I.Makarowa ekologiýa kadalaryny üpjün etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014