Wenada Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň gurnamagynda Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» barşynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlarynyň wekilleri we Ilçileri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda, Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we  Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri çykyş etdiler.

Türkmen tarapy öz çykyşynda gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hususan-da, energetika, ulag we suw diplomatiýasy ýaly ulgamlary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen tanyşdyryldylar.

Çäräniň barşynda, Birinji Hazar ykdysady forumyň tanyşdyryş dabarasy hem geçirildi, gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady, energetika we ulag strategiýalary, maýa goýum mümkinçilikleri, ýurdumyzyň Hazaryň bioçeşmelerini gorap saklamak we ekologiýa ugrundaky syýasaty, şeýle hem şu ýylyň 12-nji awgustynda geçiriljek Forumyň konsepsiýasy we gün tertibi bilen tanyşdyryldylar.

Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylara Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan wideorolik görkezildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014