Türkmenistan Hazar ykdysady forumyna taýýarlanýar

2019-njy ýylyň  12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu Forumy geçirmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny Hazarýaka döwletleriň hemmesi goldadylar.  

Hazar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durup, ol oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.  Biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri görmek bilen, Hazaryň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyny amala aşyrmaga mynasyp goşandyny goşup, onuň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.  

Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmegiň senesi tötänden saýlanmady. Hut şol gün, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda çarçuwaly Konwensiýa güýje girdi.  2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda bolsa, Hazarýaka döwletleriň V sammitinde  Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. Her ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  Hazar deňziniň güni giňden bellenip, ol uly baýramçylyga öwrülýär.   

Öňde boljak ykdysady forumyň gün tertibi Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toparyny gurşap alar. Oňa gatnaşmak üçin hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, kenarýaka sebitleriň hem-de ýerine ýetiriji dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, bank ulgamynyň wekilleri, işleri Hazar bilen bagly bolan firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologiýa we beýleki guramalaryň işgärleri, ylmy işgärler çagyryldy.

Forumyň esasy çärleriniň hatarynda – Hazar innowasiýa tehnologiýalar sergisi hem-de Halkara maslahat bolup, onda Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň dünýä möçberindäki orny, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, obasenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda maýagoýumlaryny artdyrmagyň şertleri ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslatlaşylar.  Bilelikdäki maýagoýum taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmak, aýratyn, ýörite we erkin ykdysady zolaklary döretmek we ösdürmek mümkinçiliklerine, sanly ykdysadyýete, kenarýaka döwletleriň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryna, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegine aýratyn üns berler.    

Forumyň açylmagynyň bir gün öňýany, 11-nji awgustda söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda Hyznatdaşlyk hakynda hökümetara ylalaşyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine bagyşlanan ministrleriň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan bu möhüm resminamalara geçen ýyl Hazarýaka döwletleriň V sammitinde gol çekildi.

Garaşylyşy ýaly, işewür toparlaryň wekilleriniň duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň jemleri boýunça täze şertnamalara, ylalaşyklara, ähtnamalara gol çekiler. Hususan-da, Foruma gabatlap, Hazarýaka döwletleriň işewürlik geňeşini döretmek hakynda ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak bellenildi.

Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda ýörite guramaçylyk komitetiniň döredilendigini bellemek gerek. Fewral aýynyň başynda Aşgabatda bu möhüm waka bagyşlanan halkara media-forum geçirildi.  

Birinji Hazar ykdysady forumy hakynda magumatlary CEFavaza2019.gov.tm. web-saýtyndan almak bolýar. Ol gyzyklanma bildirýänleriň hemmesine üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir. Şeýle hem bu saýtda maslahata gatnaşyjylar onlaýn-belligi geçip bilerler.      

Hazar sebiti häzir dünýäniň möhüm geosyýasy, ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri bolup durýar.   Bu ýerde nebitiň we gazyň, beýleki gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň uly gorlary bar, bu bolsa, dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenbaşy şäherinde döwrebap terminallary bolan täze Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.  

Şolar bilen baglylykda öňde boljak Hazar ykdysady forumy strategik taýdan möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin ýene-de bir  ähmiýetli ädim bolar. 

Meňzeş täzelikler

2014