Žurnalyň täze sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalyň 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyndaky ilkinji sany çapdan çykdy.  

Žurnalyň täze sany «Nebitgaz pudagy: taryhy pursatlar» diýen habarlar toplumy bilen açylýar, olarda  üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar barada habar berilýär. Şeýle wakalaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyny we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň ýurdumyzda iş saparyny görkezmek bolar.

Žurnalyň jogapkär redaktory M.Atagarryýewiň «Türkmenistanyň nebitgaz pudagy: durnukly ösüş we gazanylan netijeler» atly makalasynda geçen 2018-nji ýylda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan ýetilen önümçilik sepgitleri barada söz açylýar.

Žurnalda ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň we pudagyň tejribeli hünärmenleriniň, şeýle hem neşiriň ýörite habarçylarynyň gyzykly makalalaryna hem orun berlipdir. Olardan žurnalyň ýörite habarçysy G.Ýüzbaşyýewanyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary ýylyň belent senasy», žurnalist M.Mämmedowyň «Ýurdumyzyň möhüm ylmy-barlag kärhanasy», geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory M.Täşliýewiň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri A. Ezizowanyň  «Tebigy nebit we gaz sygymlarynyň öwrenilişiniň metodiki jähtleri», Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy H.Kabulowyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Galkynyş gaz käniniň geologo-geofiziki we buraw maglumatlarynyň çalt derňewi laboratoriýasynyň esasy inženeri B.Soltanowyň we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby T.Baýramgeldiýewiň «Türkmenistanda slanes nebitini almagyň mümkinçilikleri», «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Ç. Paýtykowyň we institutyň ikinji derejeli inženeri S.Paýtykowyň «Murgap gazly sebitiň nebitgazenelik toplumlary we uglewodorodlaryň emele gelme aralygy», Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory K.Hümmäýewiň «Nebitgaz pudagynda zähmeti guramagy kämilleşdirmegiň käbir meseleleri» atly makalalaryny görkezmek bolar. 

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalyň täze sanynyň bezegi hem okyjylary biparh goýmasa gerek, onda ýerleşdirilen fotosuratlar pudakda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ösüş-özgerişlikler, merdana nebit-gazçylarymyzyň zähmet üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014