Russiýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary

Russiýa we Türkmenistan üç ýyllyk arakesmeden soňra türkmen gazyny RF-e ibermek meselesine dolanyp gelýärler. Görnetin pudaklaýyn özara bähbitli çözgütler bilen bir hatarda bu çözgüt Türkmenistanyň GDA-daky syýasy-ykdysady ornuny berkidişi ýaly, Russiýanyň hem Merkezi Aziýa sebitindäki ornuny berkidýär. Bu barada «Ritm Ýewrazii» internet neşirinde ýerleşdirilen «Diňe bitewi gaz bilen däl... Russiýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary» atly makalada aýdylýar.

Makalanyň awtory Alekseý Baliýewiň belleýşi ýaly, «gepleşikler häzir ýarym ýapyk görnüşinde dowam edýär. Taraplaryň ikisi hem ibermeleriň möçberleri, nyrhlar we pudagara ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleriniň delillerini habar beriş serişdelerine ýaýratmaýarlar. Bu düşnükli zatdyr. Çünki iki ýurduň hem gaz, aýratyn hem gaz eksport taslamalary ABŞ-nyň, NATO-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň monitoringinde ýerleşýär. RF bilen Türkmenistanyň öňki SSSR-iň energiýa bazarynda iri döwletlerdigi, netijede bolsa gazyň we energiýa geçirijileriň dünýä bazarynda möhüm orun eýeleýändigi bellenilmelidir» diýip awtor belleýär.

Makalada «bu gepleşikleriň birnäçe möhüm taraplaryny ýakynda Alekseý Milleriň «Watan» gepleşigine beren interwýusynda beýan edýändigi bellenilýär: «... biz gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly mümkinçilikleri görýäris. Iň esasy zat — biz ýakyn wagtda türkmen gazyny satyn almak boýunça şertnamanyň çäklerinde işimizi ýakyn geljekde dowam etjekdigimize bolan düşünişmedir. Bu biziň hemişe işlän ugrumyzdyr».

Gepleşikler şeýle hem Russiýada öndürilýän tehnikalary satyn almak barada barýar. Şol bir wagtda «Gazpromyň» ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, «türkmen bazaryndaky turba geçiriji taslamalary üçin rus turbalaryny satmak — biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ýene-de bir ugrudyr».

Neşirde bellenilişi ýaly, 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada gol çekilen «Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşyk» binýatlaýyn resminama bolup durýar.

Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, «RF-iň günbatar, günorta we demirgazyk-günbatar serhetlerindäki gaz magistrallarynyň geografiki giňligi we ýokary geçirijiligi eýýäm ýakyn geljekde türkmen gazyny eksport etmäge, özi hem köp möçberde, Ýewropanyň ähli sebitlerine ibermeklige mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014