Ženewada Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa bölüminiň binasynda Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy boýunça birifing geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

BMG-niň Ženewa bölüminiň binasynyň Türkmen otagynda geçirilen brifinge Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Ilçileri, Hemişelik wekilleri, şeýle hem beýleki ýurtlaryň Ilçileri we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem brifinge Şweýsariýa – GDA/Gruziýa Bilelikdäki Söwda edarasynyň (JCC) ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, bu edara Şweýsariýada hususy pudagyň öňdebaryjy guramasy bolup, ol Şweýsariýanyň hem-de GDA-nyň arasynda, şol sanda Hazar basseýniniň ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn işewürligi ösdürýän edaradyr. 

Brifingiň başynda oňa gatnaşyjylara şu ýylyň awgustynda forumyň geçiriljek ýeri bolan «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady mümkinçilikleri hakyndaky wideo şekiller görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi brifinge gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we olary forumyň geçirilmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan birinji HYF-na görülýän taýýarlyklar we onuň geçirilmegi boýunça göz öňünde tutulýan çäreler bilen tanyşdyrdy. Hazar basseýni ýaly dünýäniň iri sebitleriniň biriniň çäklerinde şeýle forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Astrahan şäherinde, Russiýa Federasiýasynda 2014-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV Sammitiniň barşynda öňe sürülendigi bellenilip geçildi.

Öz çykyşlarynda hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, Hemişelik wekilleri şeýle forumyň geçirilmeginiň wajyplygyny belläp geçdiler, öz ýurtlarynda ulag, logistika, energetika, awiasiýa, deňiz gatnawlary ulgamlarynda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalar bilen tanyşdyrdylar, bu bolsa forumyň netijeleri boýunça ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014