Gökdepe etrabynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň düýbi tutuldy

10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.

Täze şäheriň guruljak ýeriniň ekologiýa, seýsmologiýa taýdan ylmy esasda düýpli öwrenildi. Täze şäher welaýatyň ähli ilaty üçin amatly bolar. Bu ýere ýollar çekilip, ähli etraplardan we obalardan dürli ulaglar gatnar.

Täze şäher 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenendir. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Täze welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdebi, başlangyç we orta hünär mekdebi, şeýle hem iki sany sungat mekdebi bina ediler.

Saglyk edaralarynyň hem giň ulgamy dörediler. Iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, beýleki hassahanalar bina ediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder.

Bulardan başga-da, aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Bu ýerde ýaşajak ilat üçin iň gowy şertler, iş orunlary, iň häzirki zaman durmuş gurşawy dörediler. Bu bolsa, diňe bir bu ýere köp sanly ýaşaýjylary çekmän, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetini düýpli özgerder. Onuň ähli pudaklarynyň ösüşine täze itergi berer diýip, Prezident belledi.

Şeýle hem, Aşgabadyň daş-töweregindäki ilatly ýerleriň arasynda işjeň hojalyk, zähmet, medeni-durmuş we işewürlik gatnaşyklarynyň iri düzümini emele getirer. Ulagda hyzmatlar ulgamy, söwda, maliýe serişdeleriniň dolanyşygy we tehnologiýalar — bularyň ählisi düýpli ösüş depginine eýe bolar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň syýasy, durmuş we ykdysady taýdan ösüş ugurlaryny kesgitlär.

Täze şäher ýene-de üç-dört ýyldan gözel Köpetdagyň eteginde dörär.

 

Meňzeş täzelikler

2014