Türkmenistan we Gazagystan serhetara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Gazagystanyň Senatynyň ýolbaşçysy Darigi Nazarbaýewanyň Türkmenistanyň ilçisi Toýly Kömekow bilen Nur-Soltan şäherinde geçirilen duşuşykda serhetara hyzmatdaşlykda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip «Kazinform» habarlar agentligi Parlamentiň ýokary palatasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Senatyň ýolbaşçysy türkmen Mangistausk welaýatynyň türkmen tarapyna garamaga berlen 13 ugur boýunça tekliplerine ünsi çekdi. Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köpriniň gurulmagy haryt dolanyşygynyň, ýük- ýolagçy gatnawynyň möçberleriniň artmagyna ýardam eder.

Söhbetdeşler özara söwdada milliard derejä ýetmek boýunça wezipäni amala aşyrmaklyga ýardam etmäge taýýardygyny tassykladylar. Nazarbaýewanyň pikirine görä, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak wezipesini durmuşa geçirmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topar netijeli gural bolmalydyr.

Türkmenistanyň ilçisi D.Nazarbaýewa resmi sapar bilen Aşgabada gelip görmäge, şeýle hem «Awazadaky» Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

T.Kömekow ýadro ýaragynyň ýaýradylmagyna garşy hereket etmekde, goşulyşmak proseslerini öňe sürmekde Nursoltan Nazarbaýewiň liderlik ukyplaryny belläp, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde onuň goşandyna ýokary baha berdi. Ol Gazagystanyň paýtagtynyň adynyň Nur-Soltan adyna üýtgedilip, Nazarbaýewiň tagallalarynyň ebedileşdirilendigine Türkmenistanyň oňaýly kabul edendigini habar berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014