«Petronas» kompaniýasy ýene-de Malaýziýa okuwa çagyrýar

«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» malaýzaiýa kompaniýasy «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde (Perak ştaty, Malaýziýa) 2020-nji okuw ýyly üçin ugurlaryň birnäçesi boýunça dalaşgärleri kabul edýär. Ugurlaryň içinde maşyngurluşygynyň tehnologiýasy, himiýa maşyngurluşygy, nebitçykarmaklygyň tehnologiýasy, elektrika we elektronika, geologiýa we geofizika, maglumat kompýuter tehnologiýalary, işewür maglumatlaşdyryş ulgamy bar.

Malaýziýa kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewosorod serişdelerini özleşdirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli öndürijilik işjeňligi bilen birlikde kompaniýa her ýylda ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almaga çagyrýar. Şunuň bilen kompaniýa Türkmenistanyň nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşýar.

Meňzeş täzelikler

2014