HPG Türkmenistanyň ýokary jemi içerki önümiň ösüş depgininiň Merkezi Aziýada iň ýokary bolmagyny çaklaýar

Halkara pul gaznasy 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim, 2020-nji ýylda – 6,0 göterim möçberde ýokarlanmagyny çaklady. Munuň özi Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň hatarynda iň ýokary, dünýä derejesinde bolsa ýokary görkezijileriň biri bolup durýar. Şeýle çaklama HPG tarapyndan neşir edilen «World Economic Outlook-daky» dünýä ykdysadyýetiniň apreldäki synynda berilýär.

HPG-niň bilermenleriniň bahalandyrmalaryna görä, Özbegistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 2019-njy ýylda 5,0 göterim, 2020-nji ýylda 5,5 göterim bolar. Täjigistanda JIÖ-niň ösüş depgini 2019-njy ýylda 5,0 göterim, 2020-nji ýylda 4,5 göterim bolar. Gyrgyzystanda bu görkeziji şu ýylda 3,8 göterim we 2020-nji ýylda 3,4 göterim bolar diýlip çaklanylýar.

HPG-niň çaklamasyna görä, ykdysadyýetiň ösüşiniň iň pes depgini Gazagystanda: şu ýyl – 3,2 göterim. Geçen ýylyň noýabrynda HPG Gazagystanyň ykdysadyýetiniň ösüşini 2019-njy ýylda 3,1 göterim derejede çaklapdy.

Şu ýylyň başyndan bäri köp sanly halkara ykdysady institutlar we reýting agentlikleri öňki eden çaklamalaryna ykdysady ösüşiň haýallamagyna tarap düzediş girizdiler. Bilermenleriň ençemesiniň pikirine görä, dünýäde bar bolan syýasy we ykdysady ýagdaýyň ählumumy ykdysadyýetiň 2008-nji ýylyň çökgünliginden doly açylman täze resessiýa gaplanyp biljekdigi barada aýdýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti babatda aýdylanda halkara maliýe institutlarynyň maglumatlary, umuman, türkmen hökümetiniň çaklamalaryny tassyklaýar. Netijede, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterim boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014