Russiýa ekologiýa meselelerini I Hazar ykdysady forumynyň gün tertibine goşmagy teklip etdi

Russiýa ekologiýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Raşid Ismailow 12-nji awgustda geçiriljek I Hazar ykdysady forumynda «Hazaryň ýaşyl standartyny» ulanmagyň mehanizmini döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

«Hazaryň ýaşyl standarty» taslamasy Hazar deňziniň dürli ekologiýa betbagtçylyklaryndan goramaklyga gönükdirilendir. Ol deňiz gurşawyndaky senagat kärhanalarynyň ýaramaz täsirlerini peseltjek tebigy serişdeleri goraýan we energiýa netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmagy, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagy göz öňünde tutýar.

«Hazaryň ýaşyl standarty» raýatlaryň daşky gurşawyň ýagdaýy baradaky maglumata bolan hukugyny kepillendirýän ekologiýa açyklylygy, «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň artykmaçlyklaryny, şeýle hem tebigaty goramak boýunça çäreleri gurnamaklygy, ekologiýa howplaryny bahalandyrmaklygy, jogapkärçilikli maýa goýumy üpjün üpjün etmekligi we beýlekileri göz öňünde tutýar.

Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyny goramak, onuň biodürlüligini saklamak, biologik serişdeleriň durnukly we netijeli peýdalanylmagy, daşarky faktorlaryň daşky gurşawa täsirini toplumlaýyn bahalandyrmak — 2018-nji ýylyň awgustynda hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşisi tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr.

Merkezi Aziýadaky beýleki deňizlerden we derýalardan tapawutlylykda, Hazarda nebit işläp taýýarlamalary alnyp barylýar. Şonuň üçin hem bu ýagdaýda daşky gurşawa zyýan ýetirmek, birdürlüligi çäklendirmek we ş.m. meselelerde iki esse artyk seresap bolmalydyr. Hazar deňzi babatda bäş döwlet tarapyndan gazanylan Ylalaşyk — örän uly ädim. Ol taraplaryň jogapkärçiligini, şol sanda ekologiýa jogapkärçiligini kesgitledi. Indi Hazarda monitoring, onuň serişdeleriniň ýagdaýyny öwrenmek, bu ugurda anyk çäreleri işläp düzmek boýunça institutlary döretmek zerurdyr.

— Eger-de Hazarda nähilidir bir üýtgeşmeler bolup geçse, onda ol tutuş sebite täsirini ýetirer — diýip, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň direktory Iskander Abdullaýew Howanyň üýtgemegi boýunça Daşkentde geçen II Merkezi Aziýa maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Şundan ugur almak bilen, beýleki möhüm temalar bilen birlikde, «Hazaryň ýaşyl standarty» meselesiniň Birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibine goşulmagy deňizde ylalaşyklary berjaý etmek we hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek prosesinde möhüm ädim bolmaga ýardam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014