Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy

12-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem milli ykdysadyýetimizi, şol sanda nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 103 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,6 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy bolsa 117,1 göterim berjaý edildi. Maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depgini 105,7 göterim boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň işine nägilelik bildirip, bu babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Aýratyn-da, nebiti gaýtadan işlemek boýunça täzeçil tehnologiýalar önümçilige haýal ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutany işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek konserniň başlygynyň orunbasary J.Orazowyň üstüne ýüklenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu çözgütleri yglan edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýer M.Meredowa hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, işde bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak we maýa goýumlaryny çekmek arkaly nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Prezident energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek işlerini netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyryldy.

Prezident nebiti we gazy gaýtadan işlemek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Ahal welaýatynda gurulýan, tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän gazhimiýa toplumynyň dabaraly açylyşyna häzirden gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014