Daşarky meselelere garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti ösmegini dowam edýär – Gurbanguly Berdimuhamedow

Häzirki döwürde bütin dünýä hiç bir ýurduň özbaşdak çözüp bilmejek örän çylşyrymly meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde belledi.

— Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary, olaryň amala aşyrylmagy köp ýurtlaryň bilelikde hereket etmegine we şol hereketleriň utgaşdyrylmagyna ýardam berýär – diýip Prezident belledi.

— Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijeleri, daşarky meselelere garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýär – diýip döwlet Baştutany nygtady.

Hususan-da, bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň netijesinde, özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 20,7 göterim artdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberi 27 göterime golaý azaldy. Şu döwürde zähmet haklary 9,4 göterim köpeldi.

Şeýle netijeleri gazanmaga, ilkinji nobatda, döwlet emlägini yzygiderli hususylaşdyrmagyň, dolandyryş ulgamynda kadalary we çemeleşmeleri düýpgöter üýtgetmegiň, menejmentiň häzirki zaman halkara standartlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetde döwlete degişli bölegi strategik we ykdysady taýdan esaslandyrylan möçbere çenli azaltmak boýunça geçirilen işler ýardam berdi diýip, Prezident sözüni dowam etdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Daşary ýurtly maýadarlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy kepillendirmegiň berk kanunçylyk binýady emele getirildi. Daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar üçin ýeňillikler we artykmaçlyklar ulgamy üpjün edildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär diýip, milli Lider belledi. Şol desgalaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny we ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar we beýleki halkara taslamalary hem taýýarlanylýar.

Ýurdumyzda iri senagat toplumlarynyň gurluşygy geljekde hem giň gerim bilen dowam etdiriler. Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanmak bilen, beýleki uly ähmiýetli taslamalar hem öwrenilýär. Hususy işewürligi ösdürmäge goldaw bermek syýasaty yzygiderli dowam edýär. Ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçiler giňden çekilýär.

Ýakynda Türkmenistanda bolan Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti geçirýän özgertmelerimiziň saýlanyp alnan ugrunyň dogrudygyny tassyklady we gazanan netijelerimize gowy baha berdi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014