Birinji çärýekde Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim boldy

2019-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde üpjün edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň netijesinde, özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 20,7 göterim artdy, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberi 27 göterime golaý azaldy.

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk ulgamynda görkezijileriň ösüşi hasaba alyndy. Ýanwar — mart aýlarynda 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 6,4 göterim, ýolagçy dolanyşygy 4 göterim artdy. Aragatnaşyk pudagynda ösüş 2,7 göterime deň boldy.

Oba hojalyk önümleriniň önümçiligi boýunça ösüş depgini 28,2 göterim derejesinde üpjün edildi.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 5 milliard manada barabar boldy.

Şeýle hem birinji çärýekde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 63,3 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,3 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly tölenildi.

Türkmenistanyň hökümeti 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirmegi meýilleşdirýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014