Türkmenistan we Fransiýa işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlediler

Duşenbe güni Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisinde ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi.

Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Taraplaryň baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini we artýan depginini kanagatlanma bilen nygtap, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hökümetara toparyň eýeleýän ornuny bellediler. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky mejlisiň netijeleriniň özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine oňyn baha berip, birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, gazy gazyp almakda we gaýtadan işlemekde, şeýle hem gurluşyk, ulag, kosmos we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda, telekeçiligi hem-de hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde gatnaşyklary giňeltmek barada teklipler aýdyldy.

Mejlise gatnaşyjylar netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Türkmenistanda ýangyç-energetika, gurluşyk we ulag ulgamlarynda Fransiýanyň esasy kompaniýalarynyň hem-de fransuz maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň üstünlikli işleri özara gatnaşyklaryň netijeli tejribesiniň mysalydyr. Ýurdumyzda işleýän iri fransuz kompaniýalaryny birleşdirmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň noýabrynda Fransiýa — Türkmenistan Söwda edarasy döredildi, 2014-nji ýylda «Fransiýa — Türkmenistan» diýen ýörite gollanma çykaryldy.

Ýola goýlan gatnaşyklaryň netijelidigine ýurdumyzda birnäçe fransuz kompaniýalarynyň — «Buig», «Sifal», «Winçi», «Tales», «Total» we beýleki kompaniýalaryň alyp barýan üstünlikli işleri şaýatlyk edýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «Buig» kompaniýasy Aşgabatda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, kaşaň myhmanhananyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň dolandyryş binalarynyň gurluşygyny amala aşyrýar.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014