Gazagystan «Hazar bäşligi» döwletleri bilen bilelikdäki gatnaşyklary durmuşa geçirmäge umyt edýär

Gazagystanyň DIM-i Russiýa bilen Eýranyň 2019-njy ýylyň ahyryna çenli Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklamagyna umyt edýär. Bu barada sişenbe güni Gazagystanyň daşary işler ministri Beýbut Atamkulow Nur-Soltan şäherinde Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň mejlisinde belledi, diýip TASS habar berýär.

«Biziň üstünligimiziň girewi Bäşinji Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary we döwlet Baştutanlarynyň tabşyryklaryny netijeli durmuşa geçirmekdir. Konwensiýanyň tiz wagtda tassyklanylmagy we güýje girmegi, gürrüňsiz, muňa ýardam eder. Bu günki gün Gazagystan, Azerbaýjan we Türkmenistan bu ylalaşygy tassyklady. Eýranda we Russiýada degişli döwletiçi işleriniň şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyna umyt bildirýäris» - diýip Atamkulow belledi.

Onuň şeýle hem nygtaýşy ýaly, Konwensiýanyň düzgünleriniň doly derejede implementasiýasy üçin deňiz akwatoriýasynyň delimitasiýasy böleginde mümkin bolan gysga döwürde «Hazar deňzinde başlangyç göni liniýalary ýola goýmagyň usuly boýunça bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp düzmekligi tamamlamak we ony baglanyşmak» zerurdyr.

«Bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde gol çekilen Aktau konwensiýasy we resminamalar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat goýdy we sebitde maýa goýum ýagdaýynyň gowulaşmagyna ýardam edýär. Bar bolan gurallardan peýdalanmak bilen, bilelikdäki taslamalary, şol sanda nebitgaz, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen taraplaryň utgaşdyrylan tagallalary etjekdiklerine ynam bildirýäris» diýip Atamkulow belledi.

Onuň aýtmagyna görä, «bar bolan ulag-üstaşyr mümkinçilikleri özara bähbitli esasda ösdürmek we sebiti döwrebap infrastrukturaly we özara gatnaşygyň ýokary derejeli möhüm ulag-logistik habyna öwürmek» üçin erkin üstaşyr geçirmeler we erkin deňizde ýüzüş boýunça gazanylan ylalaşyklary doly derejede peýdalanmak zerurdyr.

Gepleşiklere Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýar.

Meňzeş täzelikler

2014