Hazar ykdysady forumy halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam eder

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu forum Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we hazarýaka döwletleriniň bu başlangyjy goldamagy netijesinde geçirilýär.

Geljekki forumyň gün tertibine Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gönükdirilen meseleleriň giň toplumy girizildi. Oňa gatnaşmak üçin hökümet agzalary, ministrlikleri we edaralaryň ýolbaşçylary, kenarýaka sebitleriniň we müdirligiň ýerine ýetiriji organlarynyň ýolbaşçylary, bank ulgamynyň, iş ugry Hazar bilen baglanyşykly firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologiýa we beýleki guramalaryň wekilleri, ylmy hünärmenler çagyryldy.

Forumyň esasy çäreleriniň hatarynda Innowasion tehnologiýalaryň Hazar sergisi we Hazar konferensiýasy bar. Maslahatda ählumumy derejede Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň orny, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, agrosenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda maýa goýum özüne çekijiligini ösdürmegiň şertleri maslahatlaşylar.

Bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmeklige, aýratyn, ýörite we erkin ykdysady zolaklary döretmeklige we ösdürmeklige, sanly ykdysadyýete, hazarýaka döwletleriň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna, bilelikdäki kärhanalary döretmeklige aýratyn üns berler.

Forumyň öň ýanynda Söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanan ministrleriň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu möhüm resminamalar 2018-nji ýylda geçirilen hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde gol çekildi.

Garaşylyşy ýaly, işewür toparlaryň wekilleriniň duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeleri boýunça täze ylalaşyklaryň, şertnamalaryň gol çekilmegine garaşylýar. Hususan-da, Hazarýaka döwletleriniň işewür geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Birinji Hazar ykdysady forumy hakyndaky maglumatlar bilen CEFavaza2019.gov.tm web-saýtynda tanyş bolmak bolýar. Bu saýt 3 dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär. Bu ýerde gatnaşyjylar onlaýn hasaba alnyp bilner.

Häzirki wagtda Hazar sebiti Ýewraziýa kontinentiniň möhüm geosyýasy, ykdysady, energetika we ulag-kommunikasiýa merkezleriniň biridir. Sebitde nebitiň we gazyň, beýleki peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň ägirt uly gorlary bar.

Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge kuwwatly itergi berer.

Meňzeş täzelikler

2014