Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçildi

2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerim bilen geçirildi. Baýramçylygyň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar jemlendi.

Dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza dünýäniň köp sanly döwletlerinden myhmanlar geldiler. Olaryň hatarynda — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Resupblikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Saud Arabystanynyň Daşky gurşawy goramak we oba hojalygy ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al-Fadleýiň ýolbaşçylygynda wekiliýet, Katar döwletiniň emiriniň dogany Şeýh Tani bin Hamad Al-Taniniň ýolbaşçylygynda wekiliýet, Bahreýn Patyşalygynyň daşky gurşawy goramak boýunça Ýokary geňeşiniň Başlygynyň orunbasary, Atçylyk we at çapyşyklary boýunça Federasiýanyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifanyň ýolbaşçylygynda wekiliýet, şeýle hem IX Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wekilleri bar.

Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli öwüşginli dabaralar geçirildi. Bu ýerde, asylly däbe görä, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän şanly senä bagyşlanan esasy wakalaryň öň ýanynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini hem-de atlary çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. 2019-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen derejä Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Parasat diýen dor aty mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ylmy maslahata hem-de ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka hem dabaralaryň üstüni ýetirdi.

Ýekşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy uly we dürli öwüşginli baýramçylygyň jemleýji dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda sapar bilen bolýan daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetleriň agzalary bar.

Hemmeler Halkara ahalteke atçylyk toplumyna gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Köpçüligiň öňünde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary boldy. ondan soňra baýramçylyk mynasybetli at çapyşyklary geçirildi.

Uzak aralyga atly ýöriş hem-de konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soň, baýramçylyk at çapyşyklarynda goýlan baýraklar ugrundaky ýaryşlaryň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014