Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy.

Ynanyşmak we işewür ýagdaýda geçen duşuşykda ýakyn we uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda biziň ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň — «KamAZ-yň», «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetleriniň, «Kazanyň dikuçar zawody» açyk paýdarlar jemgyýetleriniň we beýlekileriň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze açylýan mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň, sebitleri senagatlaşdyrmagyň, eksport önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagyň, şol sanda bar bolan uglewodorod we mineral serişdeleri netijeli peýdalanmagyň, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, häzirki zaman ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmegiň hasabyna artdyrmagy ugur edinýän toplumlaýyn maksatnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda diýen ýaly, şol sanda maşyngurluşyk, ýangyç-energetika toplumy, energetika, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagaty ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler döreýär.

Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ünsüň berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, işewür gatnaşyklary giňeltmäge we munuň üçin Tatarystan Respublikasynda döredilen aýratyn ykdysady zolaklary, senagat we tehnoparklary, inžiniring hem-de ylmy-barlag merkezlerini, nano we IT-tehnologiýalary ulgamynda gazanylanlary, kompozision serişdeleri we robot tehnikalaryny, sebitara logistika merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ulanmaga taýýarlygyny tassyklady.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Taraplaryň geljekde hem ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Türkmenistanyň hem-de RF-iň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ähmiýetli ornuny bellediler.

Öň habar berlişi ýaly, 2019-njy ýylda «Tatneft» kompaniýasy Türkmenistanyň günbatarynda «Goturdepe» diýen ýerde plastlaryň nebit berijiligini artdyrmak we guýulary abatlamak boýunça işleri gaýtadan ýola goýdy. Türkmenistan şeýle hem «Kamaz» kärhanasynyň önümlerini satyn alýan iri döwletleriň biri bolup durýar. Soňky on ýylda türkmen bazaryna bu zawodyň 9 müňden gowrak ýük awtoulaglary we ýörite tehnikalary getirildi.

Meňzeş täzelikler

2014