Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterim boldy

2019-njy ýylyň geçen dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow penşenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada beren hasabatynda belledi.

Hasabatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ähli pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi bellenildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň mukdary 6,1 göterim artdy. Ykdysady toplumyň pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy.

Dört aýyň jemleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,1 göterim ýokarlandy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda senagat önümleriniň möçberi 28,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 4,6 göterim artdy.

Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 76-synyň, 205,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Garaşsyz döwletimiziň içeri syýasaty barada aýdylanda bolsa, şu ýylyň dört aýynyň netijeleri ätiýaçdaky daşarky we içerki serişdelerimiziň ýeterlik derejede bolmagy bilen birlikde, Hökümetiň alyp baran işiniň bize jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklap galmaga mümkinçilik berendigini görkezýär. Jemi içerki önümiň ýokary derejesi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň diýen ýaly goşan oňyn goşandy bilen hem üpjün edildi.

Biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Netijede, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri artýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hasabat döwründe ortaça aýlyk zähmet haky 9,5 göterim köpeldi. Milli pulumyz manadyň hümmeti hem bir derejede durnukly saklanyp galýar. Garaşsyz Watanymyzyň ähli ýerlerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de olaryň gurluşygy dowam edýär.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem elektron senagaty döretmek boýunça kabul eden döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014