Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem karbamid we tehniki kükürd («Türkmenhimmiýa» DK), («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Ukrainadan, Özbegistandan, Owganystandan gelen telekeçileriň satyn alan önümleri boldy. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara: Beýik Britanyýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Özbegistan, Owganystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 780 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 7 million manada golaý nah ýüplügi satyn aldylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014