Inžener-tehnologiýa uniwersitetinde ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen iş tejribesi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ylmy forum geçirildi. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady — ylmyň we tehnologiýanyň üsti bilen Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklaryna bolan garaýşy döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem talyplaryň bu ulgamlara gyzyklanmalaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.

Forumda giriş sözi bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Takahiko Kasumata çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistandaky ýapon kompaniýalary tebigy gazy gaýtadan işlemek we polietilen we polipropilen öndürmek (Toyo Engineering), karbamid dökünleri öndürmek (Kawasaki Heavy Industries we Mitsubishi Corporation), şeýle hem benzin öndürmek (Kawasaki Heavy Industries) boýunça taslamalara gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, ýapon kompaniýalary Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen gaz turbinalary we ýylylyk elektrostansiýalary (Sumitomo Corp.) üçin gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmeklige ýardam edýärler.

Ilçi şeýle hem bu taslamalaryň senagatyň diwersifikasiýalaşdyrmagy, daşary ýurt maýasynyň getirilmegi, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegi arkaly Türkmenistanyň mundan beýläk hem durmuş-ykdysady ösüşine düýpli goşant goşjakdygyny nygtady.

Ylmy forumyň barşynda ýapon kompaniýalarynyň wekilleri ýapon tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň iri taslamalarynda ulanylyşy hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa, öz gezeginde, talyplaryň gözýetimlerini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014